Düýn futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan futbol boýunça Ýewropa çempionaty badalga aldy. Ýer eýeleri Germaniýa bilen Şotlandiýanyň arasyndaky duşuşyk bilen çempionat başlady.
“A” toparçada çykyş edýän Germaniýa ilkinji duşuşykda uly hasap bilen, ýagny Şotlandiýany 5:1 hasabynda utdy. Bu Germaniýanyň Ýewropa çempionatynyň gazanan iň uly hasaply ýeňşi boldy. Germaniýanyň ýygyndysy entegem 4 aratapawut hasaby bilen utup görmändi.

Germaniýanyň ilkinji goluny 10-njy minutda Florian Wirts geçirdi. 19-njy minutda Jamal Musiala, 46-njy minutda Kaý Hawerts 11 metrlik jerime urgusy bilen, 68-nji minutda Niklas Fýullkrug, şeýle hem 93-nji minutda Emre Jan tapawutlandy.
