DÜNÝÄ

Germaniýa bilen Hindistan 27 ylalaşyk baglaşdy

Germaniýanyň Federal Kansleri Fridrih Mersiň Hindistana amala aşyran saparynyň dowamynda jemi 27 şertnama we ähtnama gol çekildi.

Germaniýa bilen Hindistan giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýärler. 12-nji ýanwarda Hindistanyň Ahmadabad şäherinde taraplar Germaniýanyň Federal Kansleri Fridrih Mers we Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň gatnaşmagynda jemi 27 şertnama we ähtnama gol çekildi.

Bu şertnamalar harby hyzmatdaşlykdan başlap, seýrek ýer metallaryny çykarmak, iki ýurtda ýaşlar hokkeýini goldamak we Germaniýanyň saglygy goraýyş ulgamyna ýokary hünärli işgärleri çekmek ýaly köp ugurlary öz içine alýar.

Seýrek duş gelýän metallary işlemek

Germaniýanyň Ykdysadyýet ministrligi Hindistanyň dag-magdan senagaty ministrligi bilen möhüm minerallar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnama gol çekdi. Mundan başga-da, taraplar ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak maksady bilen işewürler forumynyň işini işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.

Germaniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi hindistanly hünärmenleri Germaniýanyň lukmançylyk ulgamyna çekmegi ýeňilleşdirmek boýunça şertnama baglaşdy. Federal Bilim we Ylmy-barlag ministrligi bolsa hindistanly hyzmatdaş edarasy bilen emeli aň, ýarymgeçirijiler, superkompýuterler we akkumulýator tehnologiýalary ulgamlarynda innowasion kämillik merkezini döretmek, şeýle hem alyş-çalyş we okuw maksatnamalaryny giňeltmek barada ylalaşdy.

Hindistanly hünärmenleri çekmek

Hindistandan hünärmenleri Germaniýa çekmek işi eýýäm birnäçe ýyldan bäri dowam edýär. Federal Zähmet agentliginiň maglumatlaryna görä, Germaniýada hökmany durmuş ätiýaçlandyryş bilen işleýän hindistanly raýatlaryň sany 2015-nji ýylda takmynan 25 müňden 2025-nji ýylda 170 müňe ýetdi.

Şeýle-de Hindistan Germaniýada daşary ýurtly talyplaryň sanawynda öňdeligi eýeleýär. Nemes ýokary okuw mekdeplerinde okaýan hindistanly talyplaryň sany takmynan 60 müň adama barabar.

Beýleki hyzmatdaşlyk ugurlary

Germaniýanyň Hokkeý bileleşigi bilen “Hockey India” edarasy ýaşlar sportuny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.

Energetika kompaniýasy “Uniper” Hindistanda ýylda 500 müň tonna çenli ammiak üpjün etmek barada şertnama gol çekendigini habar berdi. Hyzmatdaş hökmünde “AM Green” kompaniýasy çykyş eder. Şeýle hem Deutsche Post bilen Hindistanyň poçta gullugy hyzmatdaşlyk etmäge meýillidigini mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistan Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmäge ygrarly

Türkmenistan bilen Belarus medeni hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklar ösdüriler

Türkmenistan Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Belarus oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy