SPORT

Germaniýa 32 ýyldan soňra basketbol boýunça Ýewropa çempiony boldy

Germaniýanyň milli ýygyndysy final duşuşygynda Türkiýäniň milli ýygyndysyny 88:83 hasabynda ýeňip, 1993-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Ýewropa çempionatynyň ýeňijisi boldy. Duşuşyk Rigada geçirildi.

Ýeňijileriň düzüminde iň köp utuk toplan basketbolçy Isaak Bonga boldy, ol 20 utuk gazandy. Ikinji orny eýelän Türkiýäniň ýygyndysynda iň netijeli çykyş eden Alperen Şengün bolup, onuň hasabynda 28 utuk boldy.

Üçünji ýer ugrundaky duşuşykda Gresiýanyň ýygyndysy Finlýandiýany 92:89 hasabynda ýeňdi.

Germaniýanyň ýygyndysy ikinji gezek Ýewropa çempionatynyň ýeňijisi boldy. Mundan ozal nemesler 1993-nji ýylda çempion bolan. 2005-nji ýylda kümüş medala, 2022-nji ýylda bolsa bürünç medala mynasyp bolupdylar. Germaniýanyň ýygyndysy häzirki wagtda dünýä çempiony hem bolup durýar.

Türkiýäniň ýygyndysy Ýewropa çempionatynyň kümüş medalyny ikinji gezek gazandy. 2001-nji ýylda hem olar öz ýurdunyň ýerinde geçirilen çempionatda şeýle netijäni görkezmäge başarypdy.

Ýewropa çempionatyny Kipr, Finlýandiýa, Polşa we Latwiýa kabul etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri