SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“GeoSKY” awiakompaniýasy Türkmenabadyň howa menziliniň hyzmatyndan peýdalanar

Gruziýa döwletiniň “GeoSKY” awiakompaniýasy “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menziline 2024-nji ýylda yzygiderli tehniki gonuşlary ýerine ýetirer. Bu barada Türkmenabadyň halkara howa menziliniň resmi saýtynda habar berilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň oktýabrynda Gruziýanyň “Geosky Airlines” awiakompaniýasynyň ýük uçary Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline ilkinji ýük uçuşyny amala aşyrypdy. Şonda “Geosky Airlines” awiakompaniýasy Tbilisi (Gruziýa) – Çžençžou (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Saragosa (Ispaniýa) – Tbilisi – Gruziýa) ugry boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyrypdy.

2017-nji ýylda esaslandyrylan bu ýük awiakompaniýasy, esasan, Germaniýa, Gruziýa we Hytaýyň arasynda ýük daşamagyň esasy bazary bolan Ýewropa bilen Günorta-Gündogar Aziýanyň arasynda iş alyp barýar.

Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Raýat awiasiýasy gullugynyň habaryna görä, “Geo Sky” uçuşlaryň sany boýunça ýurduň iň iri awiakompaniýasydyr.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar