Biz näme üçindir geçmişdäki ýatlamalardan halas bolup bilmeýäris? Bolmasa ol zatlar geçmişde galdy ahyry. Geçmiş name üçin bizi goýberenok? Belkide biziň özümiz geçmişden halas bolmaga çalyşýan däldirs?! Biz köplenç geçmişe ser salanymyzda çagalygymyz ýadymyza düşýär. Esasanam tomus aýlarynda gazanda gaýnap duran melewşe reňkli ülje balyň ysy, onuň turşuja tagamy köp zady ýada salýar. Biz ulalasymyzyň gelmeýändigi barada gaýtalaýarys. “Käşgä geçmişdäki çagalygyma gaýdyp baryp bilsem, käşgä hiç ulalmadyk bolsadym” diýip “käşgä” diýlip atlandyrylýan giň ummanyň içinde gulaç ýaýyp ýüzýäris. Gözöňümize getireliň! Egerde giň ummanda küreksiz gaýyk bilen galsak, elmydama hereketsiz şekilde şol duran ýerimizde dursak, gaýyk hereket etmese bu ýagdaý ýüregimize düşmezdimi? Elbetde düşer. Çagalygym edil şolar ýaly. Gynansakda biz bu “käşgäni” ulalan çagymyz döretýäris. Emma welin çaga wagtymyz ulalmagyň arzuwynda ganat baglap uçýarys.
Howlukmaly däldigini unutmaň! Ähli zadyň öz wagty bar. Meşhur şahyrymyz Berdinazar Hudaýnazarowyň aýdyşy yaly:
Aý dogar, Gün dogar, öz wagty bilen,
Öz wagty gelende, süýjär almalar.
Başagaý durmuşda darykma kalbym,
Gyssanma hemme zat ýerbe ýer bolar.
Geçmiş bilen ýaşamak geljege seretmegimize päsgel berip bilermi? Elbetde. Sebäbi geçmişde diňe çagalyk ýok, eýsem onda biziň öýke-kinämiz, begenjimiz-gynanjymyz, başaran we başarmadyk zatlarymyz bar. Eysem öýke-kineleri unutmagyň wagty gelmedimi?
Geçmişde seni gynandyran zadyň bu günem seni gynandyrmagyna ýol berme! Geçmişde başarmadyk zadyňy bu gün täzeden synanyş we başar. Goý, bu seniň üstünligiň bolsun! Ähli zady unut şu güne seret! Täze sahypa aç! Ynamly ädimler bilen öňe git! Sana geçmişi dolap getirmek başartmaz, yöne geljege tarap ýoluňy dowam etdirmek welin başardar. Şu gün bilen, geljek bilen ýaşa! Sebäbi bu zatlaram ertir geçmişiň sahypalarynda galar. Unutma! Geçmişden nädip geljek emele gelen bolsa, geljekdenem geçmiş emele geler. Goy, geçmiş geçmişde galsyn, sen öňe gitmegiňi dowam et! Öňe git, diňe öňe! Yza ýol ýok. Oka, öwren, döret, gur, yaşa, hyýal et, durmuşa geçir!
Gurbanyazowa Mamajan