JEMGYÝET

GDA ýurtlary milli pul birliklerinde söwda etmekçi

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň  resmi däl sammiti geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem geldiler.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde resmi däl sammitini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Geljek hepde Gazagystanyň başlyklyk etmeginde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň her ýyl geçirilýän sammiti geçiriler.

Şonuň öňüsyrasynda geçirilen sammitde çykyş eden Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegi zerurdygyny belledi. Ol özara hasaplaşyklaryň milli pul birliklerinde amala aşyrylmagynyň bu ulgamda uly üstünlikler gazanmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Wladimir Putiniň belleýşi ýaly, geçen ýyl Russiýa bilen GDA döwletleriniň arasyndaky söwda dolanyşygy 30 göterim artyp, 96 milliard dollara deň boldy. Şu ýylyň birinji ýarymynda ýene-de 7 göterim artdy.

Şeýle hem Wladimir Putin Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň rus dilini ilerletmek boýunça gurama döretmek baradaky başlangyjyny goldady. Ozal 2023-nji ýyl GDA döwletlerinde Rus diliniň ýyly diýlip yglan edilendigi hem bellenilip geçildi.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri