DÜNÝÄ

GDA-nyň synçylary topary saýlawlara oňyn baha berdi

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew  paýtagtymyz Aşgabatdaky “Garagum” myhmanhanasynda geçirilen metbugat brifinginde saýlawlaryň netijesi boýunça onyň baha berdi.

GDA-nyň synçylary topary ýurdumyzda öz işlerine 8-nji martda girişdiler. Saýlawlaryň netijeleri boýunça metbugat maslahatyny gurnan Baş sekretar Sergeý Lebedew Türkmenistanda bu gezekki saýlawlaryň ýokary derejede gurnalandygyny belledi.

Biz eýýäm Türkmenistanda birnäçe saýlawlara gatnaşdyk. Saýlawlar ýokary derejede taýýarlyk görlüpdir. Saýlaw möwsümi ýokary derejede alnyp baryldy. Saýlawçylaryň hasaba alynmagy, dalaşgärler bilen duşuşyklary gowy gurnalypdyr. Şeýle hem saýlaw uçastoklaryna köp snaly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Saýlaw uçastoklaryndaky ses berlişigiň Merkezi Saýlaw toparynyň resmi saýtynda göni alnyp berildi – diýip, Lebedew belledi.

Şeýle hem ol saýlawlaryň ýokary ruhubelent ýagdaýda geçendigini, saýlaw uçastoklarynsa aýdym-sazlaryň ýaňlanandygyny, şeýle hem göçme söwda nokatlarynyň döredilendigini belledi. Lebedew saýlaw uçastoklaryna lukmançylyk otaglarynyň döredilmeginiň möhüm bolup durýandygyny mälim etdi.

Lebedew saýlawlaryň bäsdeşlik esasynda ýurduň milli kanunçylygyna laýyklykda, ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilendigini belledi.

 

 

 

Parlament saýlawlary geçirilen hasap edildi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Russiýada saparda bolar

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň goşmaça sekretarynyň Aşgabada sapary

Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrowyň telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň Prezidenti dört günlük sapar bilen Hytaýa barar

102 ýaşynda daga çykyp, Ginnesiň rekordyna eýe boldy

Ata Watan Eserleri

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine 20-den gowrak ýurduň ýolbaşçylary gatnaşar