JEMGYÝET

GDA-nyň Prezidentleriniň duşuşygy Russiýada geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi Russiýanyň Sankt-Peterbugr şäherinde geçiriler. Bu barada GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew habar berdi.

– 25-26-njy dekabrda Sankt-Peterburgda iki möhüm duşuşyk geçiriler. Olar Ýewraziýa Ykdysady Geňeşiň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdan daşary mejlisiniň duşuşyklarydyr – diýip, Lebedew belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin özüniň kärdeşlerini 26-njy dekabrda Sankt-Peterburga çagyrdy. Indi, köp ýyllardan bäri GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirilip gelinýär.

Şeýle hem şu ýylyň 18-nji dekabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynyň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy