Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky 25-nji mejlisi geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlise GDA agza ýurtlaryň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.
Mejlisiň dowamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň migrasiýa ýagdaýlary, bu ugurda Arkalaşygyň çäklerinde meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi, milli kanunçylyklara girizilen üýtgetmeler we migrasiýa edaralarynyň hukuk tejribelerine hem-de beýleki meselelere garaldy.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar bikanun migrasiýa garşy göreşmekde we döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan maglumat üpjünçiliginde özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Migrasiýa babatda Arkalaşyga agza döwletleriň toplan tejribesi, şeýle hem sanly ulgama esaslanýan migrasiýa hyzmatlaryny ýola goýmak boýunça öňegidişlikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara guramalary we olaryň düzümleri bilen durmuşa geçirýän ähmiýetli işleri babatda ýurdumyzyň toplan oňyn tejribeleri barada durlup geçildi.
GDA gatnaşyjy döwletleriň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda oňa gatnaşyjylar migrasiýa ulgamy boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem bu ugurdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!