2025-nji ýylyň 5-nji iýunyndaTäjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow, Ermenistan Respublikasynyň wise-premýeri Mger Grigorian, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezident Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew, Russiýanyň Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow hem-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda hökümet ýolbaşçylary GDA-nyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar.
Giňişleýin düzümde geçirilen mejlisde bolsa, agyr senagat önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ylalaşygy ara alyp maslahatlaşdylar we tassykladylar. Resminamada senagat pudagynda maglumat we öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, ykdysadyýetiň bu pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, täze tehnologik ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, önümçilik tehnologiýalaryny döwrebaplaşdyrmak, innowasion, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini hem-de eksportyny artdyrmaga ýardam berjek önümçilik zynjyrlaryny döretmek ýaly ugurlar ileri tutulýar.
Şeýle hem mejlisde GDA ýurtlarynyň ýeňil senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Konsepsiýa we onuň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketler meýilnamasy kabul edildi.
GDA-nyň Hökümet ýolbaşçylary jemgyýetçilik saglygyny goramak ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça täze Konsepsiýany hem tassykladylar. Bu resminama GDA-nyň çäklerinde 20 ýyldan gowrak öň baglaşylan şunuň ýaly resminamanyň täze görnüşidir.
Şeýle hem, GDA-nyň Meýletinçiler forumynyň düzgünnamasyna gol çekildi. Resminama laýyklykda, GDA-nyň Meýletinçiler forumyny her ýyl geçirmek, meýletinçilik hereketini ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksadyny göz öňünde tutulýar.
GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisiniň 2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Minskde geçirilmegi kararlaşdyryldy.