JEMGYÝET

“Gazprom” Türkmenistandan 10,6 milliard kubmetr tebigy gaz satyn aldy

2021-nji ýylda Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy Türkmenistandan 10,6 milliard kubmetr möçberinde tebigy gaz satyn aldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow brifingde habar berdi.

“Interfaks” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, şertnama laýyklykda, “Gazprom” kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserni 2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda 5 ýyllyk möhlet bilen – 2024-nji ýylyň 30-njy iýuny boýunça ýyllyk 5,5 milliard kubmetre çenli tebigy gaz almak babatda ylalaşyk baglaşypdy.

Bu hereket edýän şertnama boýunça Türkmenistanyň tebigy gazyny satyn almak we bu ulgamda uzakmöhletleýin esasda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Milleriň golaýda Türkmenistana amala aşyran saparynda ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Ýene-de okaň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider