SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gazak waksinasy üçin ýörite kärhana gurulýar

Öňümizdäki güýze çenli Jambil welaýatynda «QazVac» waksinasyny işläp taýýarlaýan kärhana işe giriziler. Bu barada Gazagystanyň saglygy goraýyş ministri Alekseý Soý mälim etdi.

«Gazagystanda öndüriljek waksina, hakykatdan-da, ýurdumyzdan hem, daşary ýurtlardan hem isleg diýseň uly. Elbetde, geljekde onuň meşhurlygyny has-da artdyrmagy maksat edinýäris. Ýöne bu iş biraz wagt talap edýär. Onuň ilkinji şerti bolsa waksinanyň daşary ýurtlarda bellige alynmagy we rugsat berilmegidir. Biz assa-ýuwaşdan bu işe girişýäris. Häzir bu barada gepleşikleri hem geçirýäris» diýip, ministr alnyp barylýan işler dogrusynda maglumat berdi.

Ministriň aýtmagyna görä, waksina işläp taýýarlajak kärhananyň gurluşygy tamamlaýy tapgyrda dowam edýär. Gurluşyk tamamlanyp, kärhana işe girizilensoň, önüm içerki we daşarky bazara ugradylar.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/fransiya-caklendirmeleri-gowsadyar/

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar