JEMGYÝET

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşar

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 5-nji awgustda Türkmenistanda iş saparynda bolar. Bu barada “Report” habarlar gullugynyň gazak wekilhanasy “Akorda” köşgüne salgylanyp habar berýär.

Gazagystanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşar. Forum Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Maslahatda sebit hyzmatdaşlygy, durnukly ösüş we gury ýer döwletleri üçin ulag aragatnaşygy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary