DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatdaky halkara foruma çagyryldy

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda Ministr M.Nurtleu Türkmenistany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine bolan ähmiýetine ýokary baha berdi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ugurlary boýunça möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Gazagystan Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga Gazagystanyň gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Taraplar 2025-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejelerdäki çäreleriň rejesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunlukda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleu türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe ýollanan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan Halkara foruma resmi çakylyk gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär