DÜNÝÄ

Gazagystanda wise-prezident wezipesini girizmek teklip edildi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew respublikada wise-prezident wezipesini döretmegi teklip etdi.

«Söhbet Gazagystan Respublikasynyň wise-prezident institutyny döretmekden we ony Konstitusiýada degişli şekilde berkitmekden barýar. Wise-prezidenti prezident parlamentiň razylygy bilen, sesleriň ýönekeý köplügi arkaly bellär», — diýip, Tokaýew Gyzylorda şäherinde geçirilen Milli gurultaýyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.

Kasym-Žomart Tokaýew wise-prezidentiň Gazagystany halkara we içerki çärelerde wekilçilik etjekdigini hem belledi.

«Onuň ygtyýarlyklarynyň çägini döwlet baştutany kesgitleýär. Çak edilmegine görä, wise-prezident prezidentiň tabşyrygy boýunça Gazagystan Respublikasynyň bähbitlerini halkara forumlarda we daşary ýurt döwletleriniň wekiliýetleri bilen gepleşiklerde gorar, prezidentiň bähbitlerini parlamentde wekilçilik eder, içerki we daşary ýurt jemgyýetçilik, syýasy, ylmy hem-de medeni-jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk eder, şeýle-de prezidentiň beýleki tabşyryklaryny ýerine ýetirər», — diýip, Kasym-Žomart Tokaýew Milli gurultaýyň mejlisinde aýtdy.

Şol bir wagtda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew reformadan soň döredilmegi meýilleşdirilýän respublikanyň bir palataly parlamentini Gurultaý diýip atlandyrmagy we onuň deputatlaryny bäş ýyl möhletine saýlamagy teklip etdi.

Şeýle hem gazak Lideri döwlet geňeşçisi wezipesini ýatyrmagy teklip etdi. Bu wezipäni häzirki wagtda Erlan Kairn alyp barýar.

Gazagystan Respublikasynda mundan ozal, wise-prezident wezipesi bardy. Bu wezipäni 1991-1996-njy ýyllarda Erik Asanbaýew alyp bardy we soňra bu wezipe gurluşy ýatyryldy.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk