DÜNÝÄ

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 15-nji martda ýurtda döwlet derejesinde milli baýramy — Konstitusiýa gününiň belleniljekdigini mälim etdi.

“Ýurdumyzyň durmuşyna ägirt uly täsir etjek hakyky taryhy wakanyň şaýady bolduk. Men döwlet baştutany hökmünde tutuş halkymyzyň adyndan Gazagystanyň Esasy kanunyna gol çekdim” diýip, Kasym-Žomart Tokaýew respublikanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegine bagyşlanan dabaraly çärede aýtdy.

“1-nji iýulda halk konstitusiýasy resmi taýdan güýje girer. Konstitusiýa gününi bolsa biz her ýyl 15-nji martda ählihalk derejesinde döwlet baýramy hökmünde belläp geçeris. Ähli watandaşlarymyzy Esasy kanunyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi.

Onuň aýtmagyna görä, Konstitusiýa — döwlet bähbitleriniň goragynda duran polat galkandyr. “Konstitusiýamyzyň esasy maksatlarynyň biri ýurduň çäk bitewüligini, garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, jemgyýetçilik adalatlylygynyň we kanun üstünliginiň berkidilmegini kepillendirmekdir. Ol şeýle hem bilimiň, ylmyň, innowasiýalaryň we medeniýetiň ösmegi üçin şertleri döredýär,  tebigatyň goralmagyny üpjün edýär” diýip, Tokaýew çykyşynda belläp geçdi.

Gazagystanda 15-nji martda ýurduň täze Konstitusiýasy boýunça sala-salyşlyk geçirilipdi. Täze Esasy kanuny raýatlaryň 87,15%-i goldady. Saýlawçylaryň gatnaşygy 73,12% boldy.

Ýene-de okaň

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy

Antalýada Türki döwletleriniň guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy