SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gazagystanda rus sanjymy öndürilip başlandy

 Gazagystanda Russiýa tarapyndan işlenip düzülen “Sputnik V” koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyň önümçiligine başlandy. Ol ýurduň Garaganda derman serişdelerini öndürýän toplumda ýola goýuldy. Sanjymyň öndürilip başlanmagy mynasybetli guralan dabara ýurduň Premýer-ministri Askar Mamin gatnaşdy.

Bu önümçilik Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň arasynda gazanylan ylalaşyk esasynda ýola goýuldy.

Toplumyň çäklerinde tapgyrlaýyn esasda 2 million doza sanjym öndüriler. Olar bilen köpçülikleýin sanjym etmek işine 2021-nji ýylyň fewralynda başlamak göz öňünde tutulýar.

Ilkinji nobatda meýletin esasda lukmançylyk edaralarynyň işgärleri, mugallymlar, talyplar, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, şeýle hem ilatyň arasyndaky töwekgelçilikli topara sanjym ediler.

Şol bir wagtda Gazagystanda öz sanjymyny işläp düzmek işleri hem alnyp barylýar. Bu sanjymyň kliniki synaglarynyň üçünji tapgyry 19-njy dekabrda başlady we indiki ýylyň mart aýynyň ahyrynda tamamlanar.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi