DÜNÝÄ

Gazagystanda parlament saýlawlary

Gazagystanda Majilisiň deputatlarynyň (parlamentiň aşaky palatasy) we maslihat (ýerli dolandyryş edaralary) nobatdaky saýlawlary geçirilýär.

Parlament saýlawlarynda ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, şol sanda Gazagystanyň birinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew we saýlawçylar saýlaw uçastoklaryna baryp, ses berdiler.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew paýtagtdaky mekdepleriň birinde döredilen saýlaw uçastogynda öz sesini berdi.
Parlament saýlawlaryna ýurtda hasaba alnan partiýalaryň 7-siniň dalaşgärleri gatnaşýar. Ses bermek işi garyşyk saýlaw ulgamy arkaly geçirilýär: parlamentiň deputatlarynyň 70 göterimi partiýa sanawy, 30 göterimi bolsa bir mandatly okruglar arkaly saýlanýar.

Ýene-de okaň

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi