SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gazagystanda köpçülikleýin sanjyma başlandy

Gazagystanda köpçülikleýin sanjyma başlandy

Gazagystanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Ilkinji tapgyrda Russiýadan alnan “Sputnik V” sanjymy ulanylar. Bu barada köpçülikleýin metbugat gulluklary habar berýär.

Ilatyň käbir toparlaryna – lukmançylyk işgärleri, polisiýa işgärleri, harby işgärler we COVID-19 keseliniň döremek howpy ýokary bolan beýleki hünärleriň wekillerine ilkinji sanjymlar ediler.

15-nji fewraldan soňra ýurduň Karaganda derman önümçilik toplumynda “Sputnik V” sanjymy öndüriler. Fewral-iýul aýlarynda 2 million doza sanjym öndürmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem aprel aýyndan başlap, ýurduň özünde öndürilen “QazCovid-in” ýerli sanjymy edilip başlanar. Häzirki wagtda bu sanjymyň kliniki synaglary tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

***

ALŽIR HEM RUS SANJYMYNY ÖNDÜRMEKÇI

Rus hünärmenleri “Sputnik V” koronawirusa garşy sanjym önümçiliginiň ýola goýulmagyna taýýarlyk görmek üçin Alžire giderler. Bu barada Russiýanyň Alžirdäki ilçisi habar berýär.

Taraplar, Alžirde Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyny öndürmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar. Bu ýurtda rus sanjymyny öndürmek üçin 6-9 aý gerek bolar.

Şeýle hem geçen hepde Alžirde “Sputnik V” sanjymy ulanylyp, köpçülikleýin sanjyma başlandy.

Mundan başga-da, Tunis döwleti hem “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy. Sanjymy kliniki synag netijelerine baha bermek esasynda bellige almak işi geçirildi.

Tunis Alžirden we Gwineýadan soňra rus sanjymyny bellige alan 3-nji Afrika ýurdudyr.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar