BIZNES

Gazagystan Russiýanyň gazyny satyn almagy artdyrar

Gazagystan 2025–2026-njy ýyllarda Russiýanyň gazyny satyn almagyň artdyrylmagy boýunça Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy bilen ylalaşyk baglaşdy.

Gazagystan bilen Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy bu ýurda Russiýanyň gazynyň eltilmegini artdyrmak boýunça Ylalaşyga gol çekdi.

Bu barada Russiýanyň kompaniýasynyň habaryna salgylanyp, “Report” agentligi habar berýär.

Resminama Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýar we “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Miller iş duşuşygynyň çäklerinde gol çekdiler.

“Duşuşygyň dowamynda taraplar gazyň üpjünçiligi, daşalmagy we gaýtadan işlenilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň barşy we geljegi barada pikir alyşdylar” – diýip, maglumatda aýdylýar.

Şunuň bilen birlikde, 2023-nji ýylyň noýabrynda “Gazprom” bilen Gazagystanyň hökümeti strategik hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyga hem gol çekipdiler.

Related posts

Türkmenistan’da yeni kalkınma dönemi başlıyor

vepa

Wengriýa türkmen gazyny satyn almak bilen gyzyklanýar

Türkmenistan Energetika Hartiýasy şertnamasynyň döwrebaplaşdyrmak ýygnagyna gatnaşdy