DÜNÝÄ

Gazagystan Hytaýa 1,5 müň sany saýgak sowgat eder

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki sammit geçirildi. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hem gatnaşdy.

Si Szinpiniň Astana saparynyň çäklerinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň dowamynda Gazak Lideri hytaý tarapyna 1.5 müň sany saýgaklary sowgat berjekdigini habar berdi.

Saýgaklar Hytaýyň ügnbatar sebitinde saklanar we şol ýerde olaryň köpeldilmegi ugrunda tagalla ediler. Gazagystanyň hökümetiniň bu ugurda kabul eden çözgüdi Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan hoşallyk bilen garşylandy.

Si Szinpin bu özboluşly sowgat üçin minnetdarlyk bildirip, Hytaýyň saýgaklary köpeltmek babatda meýilnamalarynyň bardygyny belledi.

Saýgaklar – antilopalar maşgalasyna degişli görnüş bolup, burny hortum görnüşli goşa toýnakly sähra antilopasydyr. Saýgagyň aýratynlyklarynyň biri onuň tizliginiň ýokary bolmagydyr. Olar sagatda 80 kilometr tizlik bilen hereket edýärler. Saýgaklaryň beýleki antilopalardan tapawudy olaryň erkekleriniň ,,S’’ şekilinde hortumunyň bolmagydyr. Olaryň beýle hortumynyň bolmagy pes tolkuny sesi duýmaklyga ýardam berýär.

Ýene-de okaň

Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi

Dohada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Arkadag şäheriniň önümleri Moskwada “Ýylyň önümi” atly altyn medala mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

“Jahan” döredijilik merkeziniň binalary döwrebaplaşdyrylar

Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi