DÜNÝÄ

Garwardda türkmen owazy ýaňlanar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň bir abraýly ýokary okuw mekdepleriniň birinde türkmen owazy ýaňlanar. Dutar bagşysy hökmünde tanalýan Batyr Ödäýew Garward uniwersitetinde geçiriljek «Merkezi Aziýanyň sungatynda döredijilik we innowasiýa» atly maslahatda çykyş eder.

Şu ýylyň 12-13-nji martynda geçiriljek maslahata ABŞ-nyň uniwersitetlerinden sungat öwrenijiler gatnaşarlar. Bu ýerde Merkezi Aziýa sebitiniň halklarynyň milli sungaty barada çykyşlar diňleniler.

Maslahat dutar bagşysy Batyr Ödäýewiň konserti bilen has-da şowhunly bolar. Türkmen dutarynyň jadyly owazlary yklymlary aşyp, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň wekilleri hem özüne bendi eder.

Jemgyýetçilik torlarynda dutarbagşy hökmünde tanalýan Batyryň bu konserti hemmeleriň ünsüni çekdi. Batyr özüniň jemgyýetçilik torundkay hasabyndan dutaryň jadyly owazyny söýýänler 13-nji martda geçiriljek konserte çagyrdy.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra aradan çykdy