SIZDEN GELENLER

Garaşsyzlyk ýyllarynda galkynan pudak

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralardyr kärhanalara optiki-süýümli kabeli çekilip, dokma pudagynda resminama dolanyşygyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde elektron görnüşde alyp barmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Müşderileriň önümlere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň dokma önümleriniň görnüşleri has-da artdyrylýar, ýokary hilliligi üpjün edilýär.

Mälim bolşy ýaly, şol kärhanalaryň birnäçesi öz önümleriniň söwda-satuwyny sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly ýörite döredilen web saýtlary we ykjam enjamlar üçin niýetlenen mobil programmalary arkaly ýola goýýarlar. Şeýlelikde, türkmenistanly we daşary ýurtly müşderiler üçin ähli türkmen brendleriniň harytlary barada web saýtlardan maglumat almak we önüm satyn almak mümkinçiligi döreýär.

Arkadagly Serdarymyzyň dokma önümlerini öndürmek we kärhanalary döwrebaplaşdyrmak barada berýän tabşyryklaryna öndürijilikli zähmet bilen jogap berýän «Ýeňiş» tikin kärhanasynyň ezber elli tikinçileri ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleri bilen içerki bazarymyzdaky, şeýle hem daşarky bazarlardaky ornuny barha pugtalandyrýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus işleri durmuşa geçirýän kärhananyň işçileri häzirki günde mekdep okuwçylary üçin şu günüň talabyna laýyk gelýän köýnekleri we orta mekdeplerde zähmet sapagynda geýilýän ýörite halatlary taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berýärler.

Bu günki günde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem halkymyzyň medeni mirasyny öwrenmäge, ösdürmäge, kämilleşdirmäge ata-babalarymyzyň baý mirasy bolan dokmaçylygy, onuň reňk öwüşginlerini, gadymy nusgalaryny dikeltmäge giň ýol açyldy. Ykdysadyýetimiziň öňde barýan pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň kämilleşmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilip, pagta arassalaýjy, ony ýüplük görnüşinde egriji fabriklerinden başlap, ýokary hilli egin-eşikleri öndürýän zawod-fabrikleriň uly toplumy gurlup, ulanylmaga berildi.

Häzirki wagtda Türkiýäniň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň belli kompaniýalarynyň gatnaşmagynda pudagyň täze senagat desgalarynyň tutuş bir tapgyry guruldy we gurulmagyny dowam edýär. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda täze gurlup, ulanylmaga berlen dokma toplumy aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. Pagtany gaýtadan işleýji pudagy ösdürmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda tebigy ýüpekden önüm öndürmegiň täze tehnologiýaly enjamlaryny ornaşdyrmak bilen panbarhat matalaryň dürli görnüşlerini öndürmäge, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän haly fabriginde täze nusgaly dürli reňkdäki halylary öndürmäge, häzirki zaman önümçilik kuwwatlyklaryny kemala getirmäge uly mümkinçilikler döredildi.

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak ba­bat­da öň­de du­ran we­zi­pe­le­riň çöz­güt­le­ri «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» aý­dyň be­ýan edil­ýär. Şon­da gör­ke­zi­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz in­di di­ňe bir çig ma­lyň däl-de, eý­sem, önü­miň bol ön­dü­ril­ýän ýur­du­na öw­rül­di. Döw­le­ti­mi­ziň eks­port kuw­wa­ty ar­typ, ol dün­ýä ba­za­ryn­da geç­gin­li we is­leg­li ha­ryt­la­ryň ýur­dy hök­mün­de ta­nal­ýar. Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de gur­lup ula­nyl­ma­ga ber­len egir­me, dok­ma we ti­kin fab­rik­le­ri­niň iş­läp baş­la­ma­gy ne­ti­je­sin­de «Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­di» di­ýen bel­gi bi­len eks­por­ta ug­ra­dyl­ýan ti­kin önüm­le­ri­niň gör­nü­şi-de, möç­be­ri-de art­dy. Öz pag­ta­myz­dan eg­ri­lip do­kal­ýan nah ma­ta­lar, eg­ne ýa­kym­ly, dür­li gör­nüş­li möw­süm­le­ýin egin-eşik­ler ýur­du­my­zyň için­de-de hy­ry­dar­ly ha­ryt­la­ra öw­rül­di. Il­deş­le­ri­miz ola­ry uly hö­wes bi­len sa­tyn al­ýar­lar. Egir­me, dok­ma we ti­kin­çi­lik kär­ha­na­la­ry öz dü­kan­la­ry­ny açyp, dür­li gör­nüş­li ti­kin önüm­le­ri­ni, nah ma­ta­la­ry ila­ta hö­dür­le­ýär­ler.

Jeren Muhammedowa, S.A. Nyyazow adyndaky Turkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ dokma önümçiligi fakultetiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri