Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyzlygyň şanly 30 ýylynyň içinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ösüşiniň ähli ugurlarynda ylmyň gazananlaryna esaslanýan ägirt uly ösüşler gazanylýar. Döwletimiziň täze belentliklere ýetmeginde bilime aýratyn orun degişlidir. Bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk ýola goýmak, ony dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak işine, ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasynda” ylym-bilim ulgamyny, şol sanda akademik, ýokary, hünärment-tehniki we orta okuw mekdeplerini düýpli özgertmek göz öňünde tutulýar.
Ösen döwletlerde ulanylýan täzelikleriň, usulyýetleriň mekdep durmuşyna netijeli ornaşdyrylmagy, innowasiýalaryň, kompýuter tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy, internet ulgamyna girmäge mümkinçiligiň döredilmegi ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli ösdürmäge şert döretdi.
Türkmenistanyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillere baglydygyny göz öňüne tutmak bilen, bilim ulgamyna döwleti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň şerti hökmünde garalyp, ýaşlaryň bilim-terbiýesi barada aýratyn alada edilýändigini görkezýär. Türkmenistanda ilki bilen ýokary okuw mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurluşygyna aýratyn üns berlendigini hakykatyň hatyrasyna aýtmalydyrys. Munuň şeýledigine şu aşakdaky mysalyň üsti bilen doly göz ýetirse bolýar. Biziň bilşimiz ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ählihalk saýlawlary netijesinde ilkinji gezek Türkmenistanyň Prezidentligine saýlandy. Şondan sanlyja gün geçenden soň onuň gol çeken ilkinji Permanlarynyň biri hem, „Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda“ Perman bolmagyny tötänlik hasaplap bolmaz. Biziň pikirimizçe, munuň özi hormatly Prezidentimiziň uly we jogapkärli işiniň başyny döwleti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň şerti hökmünde bilim ulgamyny ösdürmekden başlamagy maksat edendigini aňladýar. Bu Perman şol ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap okuwyň möhletini orta mekdeplerde 10 ýyl, ýokary okuw mekdeplerinde 5 ýyl, lukmançylyk uniwersitetinde we sungatyň aýratyn hünär ugry boýunça okuwlaryň 6 ýyl bolmalydygyny göz öňünde tutýardy.
Bilim ulgamyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolan şol Permanyň kabul edilen gününiň ertesi hormatly Prezidentimiz baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň baş binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we beýleki fakultetleriň binalarynyň gurluşygyna ak pata berdi. 168 müň 262,53 inedördül metr meýdany tutýan binalar toplumy häzir ”uniwersitet şäherjigini” emele getirip, merjen paýtagtymyza özboluşly görk berýär. Şondan soň orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalara göçüp barmak dabarasy adaty ýagdaýa öwrüldi. Ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi, owadan, ak mermere beslenen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, tehniki serişdeler bilen abzallaşdyrylan täze binaly boldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutyny, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutyny, Türkmen döwlet maliýe institutyny, Türkmenistanyň Serhet institutyny, Türkmen döwlet nebit we gaz uniwersitetini, Türkmen döwlet medeniýet institutyny, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyny, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetini, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny, Türkmen döwlet energetika institutyny, Daşoguzdaky Türkmen döwlet oba hojalyk institutyny, Türkmenistanyň IIM-niň S.A.Nyýazow adyndaky Polisiýa institutyny we beýlekileri görkezmek bolar. Orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň köpüsine täze binalar gurlup berildi ýa-da durky täzelenip döwrebaplaşdyryldy. Munuň aýdyň şaýady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda geçiren giňişleýin mejlisinde: „Geçen ýyl biz bilim ulgamynda Garaşsyzlyk ýyllarynyň bütin dowamynda ilkinji gezek şeýle köp sanly desgalary, ýagny multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen 36 sany umumybilim berýän mekdebi, 25 sany sport mekdebini we 48 sany çagalar bagyny gurup ulanmaga berdik. Garaşsyzlyk ýyllarynyň bütin dowamynda bilim ulgamy şeýle uly möçberdäki desgalara eýe bolmandy. Bu gazanylan üstünlikler bilim işgärleriniň öz işlerine has hem guwanç duýgusyny döretdi. Öz işlerine has yhlasly ýapyşmaklaryna itergi berdi“ diýip, uly guwanç bilen aýtmagy şaýatlyk etýär.
2012-nji ýylyň 16-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk hem-de medeniýet toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda bu pudaklaryň öňünde durýan derwaýys wezipeleri çözmek barada giňişleýin iş maslahatyny geçirdi. Ol bilim ulgamyny, şol sanda akademiki we ýokary bilimi, orta hünär bilim edaralaryny, umumybilim berýän mekdepleri özgertmek baradaky kararyna gelendigini aýtdy. Şu iş maslahatynda bulardan başga-da mekdepleri okuw kitaplary bilen üpjün etmek meselelerine hem deglipp geçildi, ýagny ýurdumyzyň mekdepleriniň özümizde çykarylýan ýokary hilli okuw kitaplaryna we gollanmalaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin zerur çäreleriň görülmegini degişli ýolbaşçylara tabşyryldy.
Türkmenistanda bilim edaralaryna täze binalary gurup bermek bilen birlikde mugallymlaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meselesi hem ünsden düşürilmeýär. Mysal üçin, „Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda“ Permanyň durmuşa ornaşdyrylmagy, mugallymlaryň öz işine bolan höwesleriniň artdyrmaklary üçin olary maddy taýdan gyzyklandyrmagyň zerurdygyny göz öňünde tutup, ýurt Baştutanymyz 2007-nji ýylyň 4-nji martynda „Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda“ Karara gol çekdi. Bu Karar mugallymyň agyr we hysyrdyly zähmetini ep-esli derejede ýeňilleşdirmegi göz öňünde tutýardy. Ýagny, mugallymlaryň sapak ýazgylaryny ýazmak, okuw-görkezme esbaplaryny taýýarlamak, okuwçylaryň ýazuw depderlerini, gündeliklerini barlamak, sapakdan daşary çäreleri geçirmek üçin goşmaça wagt sarp edýändiklerini nazarda tutup, orta we orta hünärmen mekdeplerinde mugallymlaryň hepdelik iş sagatlaryny 24-e, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň ýyllyk işiniň möçberini 850 sagada çenli azaltdy. Şonuň bilen birlikde orta mekdeplerde synplaryň dolulygynyň ortaça sanyny 25 okuwçydan ybarat diýip kesgitledi we 1-3-nji synplarda 30-dan, 4-10-njy synplarda 34-den köp bolanda, ugurdaş synplary açmaga ygtyýar berilýärdi. Şeýle ýeňillikler çagalar baglarynda-da göz öňünde tutuldy. Şeýle-de 2007-nji ýylyň 30-njy martynda „Türkmenistanda bilim işgärleriniň iş haklarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini köpeltmek hakynda“ Karara gol çekildi. Bu resminamada talyplaryň talyp haklaryny we professor-mugallymlaryň iş haklaryny 40 göterim köpeltmeklik göz öňünde tutuldy. Munuň özi talyplar we professor-mugallymlar üçin uly goldaw bolup durmak bilen birlikde ýurdumyzda bilim ulgamynyň işgärleri barada edilýän aladalaryň subutnamasydyr. Sebäbi, „Eziz ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim-sowat almaklaryny, hünär edinmeklerini gazanmak, olary ylyma-bilime höweslendirmek, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, beýik watançylyk ruhunda terbiýelemek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmelerimiziň özenidir“ diýlip, kararda ýaşlara uly umyt bildirilýär.
2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda „Bilim hakynda“ Kanuna gol çekildi. Ol Kanun şol günden güýje girdi we ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli gowulandyrmakda ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Bu Kanunda: „Bilimi kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar“ diýlip kesgitlenilýär. Bu Kanun kabul edilen gününden başlap döwlet syýasatynyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky ýörelgelerini, maksadyny, hyzmatyny we bu ulgamy dolandyrmagyň tertibini kesgitledi. Kanunda: „Türkmenistanyň raýatlaryna olaryň jynsyna, teniniň reňkine, milletine, diline, gelip çykyşyna, ýaşaýan ýerine, dini garaýşyna, dünýä garaýşyna, ýaşyna, saglyk ýagdaýyna garamazdan, bilim almak mümkünçiligini kepillendirýär“ diýlip bellenilmegi biziň ýurdumyzda raýatlara bilim almak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aňladýar.
2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçen ýurdumyzyň Ýaşulularynyň maslahatynyň XV mejlisinde edilen çykyşlarda öňe sürlen pikirler diýarymyzda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça täze basgançak boldy. Bilim ulgamyny hili boýunça hem, ylmy-tehnologiýa babatda hem ösen döwletleriň derejesine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: „Bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak işi bilim babatda halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary ýuwaş-ýuwaşdan ornaşdyrmak, şol sanda daşary ýurt bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy ornaşdyrmak arkaly, ähli bilim edaralary üçin internet ulgamynyň doly elýeterli bolmagyny gazanmak arkaly amala aşyrylmalydyr“ diýip belleýär.
Mundan başga-da ýurt Baştutanymyz bilim ulgamyny düýpli ösdürmek barada has derwaýys ýene-de bir meseläni öňe sürdi. Ol bu barada şeýle diýýär: „biz bilimiň möçberiniň hemişe artýandygyna, geriminiň giňelýändigine şaýatlyk edýän halkara tejribesini hem nazara almalydyrys. Bu bolsa öz nobatynda bilimleri özleşdirmek üçin göz öňünde tutulan wagtyň artdyrylmagyny talap edýär. Umumybilim berýän mekdeplerde bilimleri özleşdirmek üçin azyndan 11-12 ýylyň gerekdigini dünýä tejribesi görkezýär. Bilimiň bu basgançagy tebigy-gumanitar ylymlaryň esaslaryny düýpli öwrenmegi hem, okuwyň tamamlaýjy tapgyrynda ugurlar boýunça ýöriteleşdirip okatmagy hem öz içine alýar.
Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetine bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça öňde duran wezipeleri nazara alyp, umumybilim berýän mekdeplerde okuwyň mazmunyny baýlaşdyrmak we möhletini 12 ýyla çenli uzaltmak meselesine seretmegi teklip edýärin“ diýip täze, biziň döwletimizde ilkinji gezek amala aşjak teklibi orta atdy. Prezidentimiziň bu teklibi bilim ulgamy üçin täzelikdi. Ýöne, şol özgertmeleri geçirmegiň zerurlygynyň sebäplerini, birinjiden, bilimleriň möçberiniň artýandygy, geriminiň giňelýändigi, ikinjiden, bilim berlişini dünýä derejesine çykarmagyň zerurlygy bilen düşündirýär. Ol ylym-bilim özgertmelerini geçirmegi ýurdy ykdysady taýdan kuwwatlandyrmagyň, telekeçiligi ösdürmegiň hem esasy şerti hökmünde öňe çykardy. Bu barada: „Biz ylmyň, bilimiň we telekeçiligiň örän ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi üçin amatly şertleri döretmelidiris. Bu bolsa, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri gurmagyň, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň şerti hökmünde aň-bilim, ylmy-tehniki mümkinçilikleri ösdürmegiň we netijeli ulanmagyň girewidir. Şoňa görä-de ykdysadyýetimizi ýokary taýýarlykly, ökde hünärmenler bilen üpjün etmek biziň esasy we ýakyn döwür üçin möhüm wezipelerimiziň biri bolup durýar“ diýýär. Şonuň üçin hem 2013-nji ýyldan bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usuly binýadyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegi tabşyrýar.
Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn pajarlap ösüp barýandygyna dünýä şaýatdyr. Munuň özi bilim ulgamyndaky aýgytly ädimdir. Bu täze badalgany hormatly Prezidentimiziň hut özi orta atmak bilen, onuň aýratynlyklaryny, düýp özenini, ýagny onuň nämeleri öz içine almalydygyny kesgitläp, zerur şertleri döredip berdi. Galyberse-de şol maslahatda daşary ýurt dilinde okadylýan mekdebi we tölegli bilim edaralaryny döretmek ýaly wajyp meseleler hem gozgaldy.
Türkmenistanda öňe sürlen her bir meseleleriň soňuna çenli alnyp gidilýändigini biz göre-göre gelýäris. Bilim ulgamyndaky özgertmeleriň hem şeýle boljakdygyny häzirki durmuşa geçirilýän işler doly subut edýär. Sebäbi, il bähbitli, döwlet ähmiýetli maslahatlaryň, mejlisleriň ählisinde diýen ýaly beýleki meseleler bilen bir hatarda bilim özgertmelerine-de deglip geçilýär. Gerek bolsa gaýtadan öwrenilýär we şu meseledäki täze pikirler orta atylýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2012-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda bolup geçen mejlisinde: „Döwlet bilim standartlaryny işläp düzmegiň we tassyklamagyň Tertibi“ hakyndaky Karary kabul edildi. Bu örän taryhy ähmiýetli resminama boldy.
Şeýle-de „Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda“ kabul edilen kararyň hem ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde uly ähmiýeti boldy. 2012-nji ýylyň aprel aýynda kabul edilen „Ýokary okuw mekdeplerinde Hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetlerini açmak hakynda“ Karar hem bilim işgärlerniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda ähmiýetli çäreleriň biridir.
Türkmenistanda geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri halklaryň arasynda doganlyk-dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge-de öz täsirini ýetirýär. Ukrainanyň, Malaýziýanyň, Rumyniýanyň, Ermenistanyň we beýleki döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 5000-den gowragy okaýarlar.
Häzirki döwürde Türkmenistan hemmetaraplaýyn ösen we ösüp barýan adalatly, ynsanperwer, doganlyk-dostluk gatnaşyklaryny giňden ýola goýýan ýurt hökmünde tanalýar. Dünýäniň nazary Türkmenistana gönükýär. Munuň şeýledigini Rumyniýadan Türkmenistana okamaga gelip, ýurdumyzyň belli okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby bolan Dragoi Aleksandranyň mysalynda hem göz ýetirse bolýar. Ol Türkmenistan bilen ir gyzyklanyp başlaýar. Gün geldigiçe pajarlap ösýän, çogly günüň şöhlesiniň bolluk bilen düşýän ülkesinde bolmak, synlamak, okamak duýgusy ony öz erkine goýmaýar. Internet ulgamyndan Türkmenistanda giňden alnyp barylýan özgertmeleri synlaýar, türkmen teleýaýlymlarynda berilýän gepleşiklere seredýär, türkmeniň şirin aýdym-sazlaryny diňläp, bu gözel ýurdy görmegi, okamagy, ylym almagy arzuw edýär. Aýratyn hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Rumyniýada iş sapary bilen bolandaky eden many-mazmunly çykyşy onuň Türkmenistana gelmek höwesini has hem artdyrýar. Ol özüniň ýürek arzuwlaryny şeýle belläp geçýär: “Bagtyýar, asuda, myhmansöýer türkmen topragynda bilim almagyň we hünär öwrenmegiň özüme miýesser edendigine tüýs ýürekden begenýärin. Bize şular ýaly mümkinçilikleri döredip berenligi üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çäksiz sagbolsun aýdýaryn“ diýip minnetdarlyk bildirýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Bu Karara laýyklykda, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy.
Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.
Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumy bolan elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Şu işleri ýerine ýetirmek üçin okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary uly tagalla edýärler.
Garaşsyzlygyň şanly 30 ýylynyň içinde bilim ulgamynda bolup geçen özgertmeler barada sözümizi jemläp aýdanymyzda, bilim ulgamyny ösdürmek baradaky Kararlardyr, Permanlar şu ulgamy ösdürmek üçin zerur bolup duran meseleleriň ählisini öz içine almak bilen birlikde etaplaýyn, yzygiderli we özara baglanşykly ösüşleri öz içine alýar.
Goý, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işleri alyp barýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Maral Nazarowa
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy