SIZDEN GELENLER

Garaşsyzlygyň 30-ýyllygy ösüşleriň özenidir.

Türkmenistan döwletimiz soňky onýyllyklaryň dowamynda ýurt metallurgiýa, dag-magdan, nebit we gaz-himiýa, gämi gurluşygy, elektron senagaty ýaly milli ykdysadyýet üçin täze pudaklary döretmek ugrunda ilkinji ädimlerini ätdi. 2009-njy ýylda Owadandepede gurluşyk prokatyny öndürmäge ugrukdyrylan ýurduň ilkinji metal zawody işläp başlady, 2017-nji ýylda bolsa Türkmenistan Garlyk dag-magdan kombinatyny – kaliý dökünleini öndürýän ilkinji zawody işe girizdi.

Otuz ýyl owal özbaşdaklygyny jar eden we dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan häzirki günde şan-şöhrata we toýdur, baýramlara  beslenýär.

Garaşsylygy beýleki döwletleriň we halkara guramalaryň ykrar etmegi üçin özygtyýarly döwletler bilen beýleki halkara hukugynyň subýektleriniň arasynda resmi gatnaşyklary goldamagyň esasy görnüşi bolup hyzmat edýän diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak wajypdyr. Şeýlelikde, Türkmenistan Garaşsylygynyň ilkinji ýylynda dünýäniň onlarça döwletleri tarapyndan ykrar edildi. BMG-niň dürli düzümleriniň alyp barýan işlerine gatnaşmagyny has-da giňeltmäge çalyşýan Türkmenistan, 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe wajyp bölümleriniň we beýleki iri halkara guramalarynyň merkezi edaralarynyň Ženewadaky bölüminde hemişelik wekilhanasyny açdandygy diýesň buýsandyryjy wakadyr.

Bu gün Türkmenistan 47 halkara guramalarynyň, şol sanda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam hyzmatdaşlygy Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýlekileriň agzasydyr. Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary açan ilkinji döwletleriň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy, Koreýa Halk Demokratik Respublikasy, Daniýa Soltanlygy, Beýik Britaniýanyň Birleşen Soltanlyklary we Demirgazyk Irlandiýa ýaly döwletleridir.

2021-nji ýylda mart aýynyň 20-ne Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň giň gerimde geçirilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Çünki Garaşsyz diýarymyzyň ekologiýa taýdan arassa howasyny goramaklyk biziň her birimiziň mukaddes borjumuzdyr.

Amangeldi Hojamberdiýew

TOHU-nyň mugallymy

“Chanel” markasy taryhy

 

Ýene-de okaň

Milli arhiwiň ähmiýeti

Awaza forumy – halklary jebislendirýän maslahat

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany