Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de adamzadyň ahlak we ruhy päkligini dünýä ýaýýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Däp bolşy ýaly, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hem parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýaly gymmatlyklary özünde jemleýän bu gadymy baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende göterjekdigine, beýik geljegimiz üçin yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna berk ynanýaryn.
Oraza baýramy nesilleri we medeniýetleri baglanyşdyrýan iň gadymy baýramlaryň biri bolup, düýp özeninde asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen ruhy tämizlik, ahlak arassalygy, halallyk, şükranalyk ýaly ruhy gymmatlyklarymyz, milli ynanç-ygtykatlarymyz, medeni dessurlarymyz, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik babatdaky garaýyşlarymyz jemlenendir. Şonuň üçin hem Oraza baýramyny parahatçylygy we ynsanperwerligi rowaçlandyrýan, halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän çuňňur many-mazmunly hem-de aýratyn taryhy ähmiýetli baýramçylyk hökmünde dabaraly belleýäris. Däp bolşy ýaly, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem kalplaryň tämizlenýän we köňülleriň nur bilen doldurylýan Oraza aýynda Beýik Biribaryň kelamy bolan mukaddes Gurhany-Kerime uýlup, dini adatlaryň berjaý edilmegi, tarawa namazlarynyň, aýat-töwirleriň okalmagy, sahawatlylygyň we rehim-şepagatlylygyň mübärek Gadyr gijesiniň bellenilmegi Oraza baýramynyň jemgyýetçilik durmuşynda örän möhüm orun alandygyny alamatlandyrýar.
Jemgyýetimizi has-da jebisleşdirýän, beýik işlere hem-de ösüşlere galkyndyrýan bu dabaralar biziň taryhymyzyň we medeniýetimiziň örän gadymydygyny ykrar etmek bilen, dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklara ygrarlydygymyzy, parahat, asuda, bagtyýar durmuşa belent sarpa goýýandygymyzy tassyklaýar.
Mähriban watandaşlar!
Maddy we ruhy gymmatlyklar her bir halkyň milli buýsanjydyr. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň binýadyna öwrülen milli ruhy gymmatlyklarymyz göwünleri, kalplary, ýürekleri ýakynlaşdyrýar, döredijilikli, işjeň we özgerdiji beýik işlere ugrukdyrýar, jemgyýetimizde, maşgalada, her bir şahsyýetde beýik buýsanjy we ynsanperwer duýgyny döredýär.
Nesilleri baglanyşdyrýan we jebisleşdirýän gymmatlyklarymyza aýawly çemeleşmek, belent ruhy-ahlak ýörelgelerimizi, milli däplerimizi, dini we dünýewi ygtykatlarymyzy baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak, halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini kesgitleýän esasy ýörelgeler bolup durýar. Şu maksatdan ugur alyp, döwlet syýasatynda, nesil terbiýesinde akyl-paýhaslylygyň ajaýyp sazlaşygy bolan milli mirasymyza, beden we ruhy tämizligine, ahlak arassalygyna aýratyn ähmiýet beren pederlerimiziň asylly ýörelgelerini hemişe özümize nusga edinýäris. Mähriban halkymyzyň döredijilikli zähmetine, ykdysadyýetimiziň kuwwatly mümkinçiliklerine, pederlerimiziň asylly ýörelgelerine daýanyp, Türkmenistan döwletimizi belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly oňe alyp barýarys. Eziz Watanymyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarymyzy, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys.
Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw-mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirki zaman ulag, aragatnaşyk ulgamlaryny giň gerim bilen gurýarys.
Biz dünýä bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde halkymyzyň köpasyrlyk ösüşiniň taryhy tejribesiniň, gadymy däpleriniň, medeniýetiniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň tutuş dünýäde wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Şu maksatlar bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletleriň we halklaryň arasyndaky medeni-ylmy gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Bularyň ählisi adamzadyň dostluk we hoşniýetlilik ýörelgelerine daýanýan ynsanperwer gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen üstüniň ýetirilmegine ýardam berýär.
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Goý, mübärek Oraza aýynda amal eden tagat-ybadatlaryňyz, tarawa namazlaryňyz, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap beren sadakalaryňyz, okan aýat-töwirleriňiz, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň, külli adamzadyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna okan doga-dilegleriňiz, umyt-arzuwlaryňyz beýik hem-de keremli Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.