JEMGYÝET

`Ganly Aý` hadysasy

Ýekşenbeden duşenbä geçilýän gije Günüň, Aýyň we dünýäniň bir hatara düzülip, Aý tutulmasy hadysasy boldy. Käbir halklarda «ganly Aý» görnüşinde teswirlenýän bu ýagdaý juda täsin tebigy hadysadyr. Sebäbi şeýle ýagdaýda Günüň yşyklary Aýa düşüp, reňkini üýtgedýär. Bu hadysanyň şu ýylyň dowamyndaky ýeke-täk Aý tutulmasy bolandygyny bellemek gerek.

Aý tutulmasy dünýä döwletleriniň geografiki ýerleşişine görä, 20 minutdan 50 minuda çenli dowam edýär. Dolulygyna tutulmanyň 1 sagat 2 minut, jemi bolsa bu hadysanyň 5 sagat 12 minuda çenli dowam edýänligini bellenilýär.

Ol Demirgazyk we Günorta Amerikada, Grenlandiýa adasynda, Islandiýada, Irlandiýada, Beýik Britaniýada, Norwegiýada, Şewsiýada, Portugaliýada, Fransiýada we Ispaniýada ýaşaýanlar Aýyň dolulygyna tutulmagyny görüp bildiler. Ýewropanyň galan döwletlerinde, Aziýanyň agramly böleginde hem-de Afrikada bolsa bu ýagdaý bölekleýin görünýär.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy