JEMGYÝET

«Game of Thrones» filmiň täze kitaby neşir ediler

Dünýäniň çar künjeginde uly meşhurlyga eýe bolan «Game of Thrones» filmiň täze 6-njy neşiri 2021-nji ýylda neşir ediljekdigini awtor Jorj Martin jemgyýetçilik torundaky hasaby arkaly mälim etdi. Awtor özüniň dünýäniň dürli künjeklerinde koronawirus sebäpli karantin çäreleriniň geçirilendigini we şol döwürde diňe wagtyny kitap ýazmaga sarp edendigini aýtdy. Jorj Martin özüniň wagtyny peýdaly zada sarp edendigine buýsanýar. Meşhur awtor döreden eseriniň okyjylar tarapyndan gowy garşylanmagyna garaşýar.

Ýazyjy aşakdaky tertipde kitaplaryny yzygiderli çap edip, okyjylara ýetirmegi başardy. Indi täze neşir öňki neşirden 10 ýyl soňra okyjylara gowşar. Bu kitap esasynda filmiň düşürilmegi hem kitabyň hakykatdanam şowly çykandygyna şaýatlyk edýär.

1996-njy ýylda «A Game of Thrones» (1-nji kitap)

1998-nji ýylda «A Clash of Kings» (2-nji kitap)

2000-nji ýylda «A Storm of Swords» (3-nji kitap)

2005-nji ýylda «A Feast for Crows» (4-nji kitap)

2011-nji ýylda «A Dance with Dragons» (5-nji kitap)

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy