SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Galkynyş» topary Awazada dynç aldy

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga, beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolupdy.

Arkadag şäherinde belentden tutulan dabarada meşhur toparyň agzalaryna Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly möçberli pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan olara «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezine 10 günlük ýollanmalar sowgat berildi.

Ýakynda hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşa başladylar.  Bu ýerde olar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynyň başlanmagy mynasybetli guralan dabaranyň arzyly myhmanlary boldular. Şonuň ýaly-da döwrebap merkezde hereket edýän gurnaklaryň işleri hem-de medeniýet merkezindäki muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Awazadaky «Älemgoşar», «Jadyly kenar» seýilgählerine, «Gämiler dünýäsi» muzeýine, gözel we taryhy ýerlere, Awaza derýasyna, Hazar deňzine guralan gezelençlerem ýatda galyjy, özboluşly pursatlara baý boldy.

 

Ýene-de okaň

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri