BIZNES

«Galkynyş» käninde nobatdaky ulanyş guýusy ulanyşa girizildi

Türkmenistanda tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça dünýäde iň irileriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käninde №60 ulanyş guýusy üstünlikli ulanyşa girizildi. Bu barada “turkmengaz.gov.tm” neşiri habar berýär.

Ýokary çylşyrymlylykly guýynyň buraw işleri 2021-nji ýylyň awgust aýynda başlandy. Buraw işleri «Türkmengaz» DK-nyň CNPC (HHR) hytaý kompaniýasy bilen şertnamasynyň çäklerinde hytaýly hünärmenler tarapyndan geçirildi.

Guýynyň gurluşygy bellenilen möhletlerde tamamlandy. Netijede 4580 metr çuňlukdan tebigy gazyň senagat akymy alyndy.

Guýynyň agzynyň gurnama işlerini «Türkmengaz» döwlet konserniniň 3-nji gurnama edarasynyň gurluşykçylary amala aşyrdy. Ulanyş guýusynyň agzynda ýokary tehnologiýaly, döwrebap elektrotehniki we gidrawliki enjamlar, optiki-süýümli kabeller, aragatnaşyk serişdeleri we widepgözegçilik enjamlary oturdyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklarynyň esasynda ýurduň nebitgaz toplumyna sanly ulgam ornaşdyrylýar. Bu guýuda oturdylan optiki süýümli kabeller, aragatnaşyk serişdeleri we wideogözegçilik enjamlary «Marygazçykaryş» Müdirliginiň «Galkynyş» gaz käniniň 1-nji desganyň tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça we başlangyç gaz arassalaýjy desgalarynyň operatorlaryna sanly ulgam arkaly guýudan çig gazyň çykarylyşyny gözegçilik etmäge we ýokary basyşly gaz geçiriji boýunça hereketini dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

2022-nji ýylda 3-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama edarasynyň hünärmenleri we işçileri «Galkynyş» gaz käninde şeýle hem 309-njy ulanyş guýusyny işe girizdiler. Häzirki wagtda 294-nji we 30-njy ulanyş guýularynda işler alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär