JEMGYÝET

“Galkan” topary finalda Tatarystanyň topary bilen duşuşar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň finalyna çykan Türkmenistanyň “Galkan” toparynyň finaldaky garşydaşy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “ADIHIC-Kazan” topary boldy.

Halkara ýaryşda “A” toparçasynda 12 utuk bilen birinji orny eýelän “Galkan” topary ertir final duşuşygynda Tatarystan Respublikasynyň “ADIHIC-Kazan” topary bilen duşuşar. Tatarystan Respublikasynyň “ADIHIC-Kazan” topary “B” toparçasynda birinji bolmagy başardy.

Halkara ýaryşyň 3-nji ornuny eýelemäk ugrundaky duşuşykda Özbegistanyň “Feniks” topary bilen Belarusyň “Volat” topary bilen duşuşar. Bu toparlar öz toparçalarynda 2-nji orny eýelediler.

Şeýlelikde halkara ýaryşyň toparçalardaky duşuşyklarynyň netijeleri boýunça:

“A” toparça: 1. “Galkan” 12 utuk, 2. “Feniks” 9 utuk, 3. “Ice Box Iran Mall” 6 utuk, 4. “Oman Nationals” 3 utuk, 5. “Bahrein Ice Hockey Club” 0 utuk.

“B” toparça: 1. “ADIHIC-Kazan” 12 utuk, 2. “Volat” 8 utuk, 3. “Aqmola” 6 utuk, 4. “Dordoi” 4 utuk, 5. “Team Turkiye” 0 utuk.

Şeýlelikde, hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Türkmenistanyň «Galkan» hem-de Tatarystan Respublikasynyň «Adihic-Kazan» toparlarynyň arasynda geçjek final duşuşygy — ertir paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly buzly arenasynda geçiriler. Duşuşyk 15:00-da başlanar.   

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy