TEHNOLOGIÝA

«Galaxy A22» ― iň arzan 5G tizlikli smartfon

«Samsung» kompaniýasy 5G ulgamynda işleýän «Galaxy A22» smartfonyny hödürledi. Enjam 6,6 dýuýmly IPS ekran, MediaTek Dimensity 700 prosessor, 4 gigabaýt çalt we 64 gigabaýt hemişelik ýat bilen üpjün edildi.

Şeýle hem samrtfonda dewaýs 48, 5 we 2 megapikselli üç kamera, daktiloskomik sensor we 5000 milliamper-sagat göwrümli akkumulýator bar. Smartfona «Android 11» operasion ulgamy ornadylan.

Maglumat berilmegine göra, «Galaxy A22» iň arzan 5G smartfony hasaplanýar. Ýewropada onuň 64 gigabaýtlyk görnüşi 229 ýewro, 128 gigabaýtlyk görnüşi 249 ýewro bahalanýar. «Samsung» şeýle hem, smartfonyň 4G ulgamynda işleýän ýönekeýleşdirilen görnüşini hödürledi.  Ol 6,4 dýuýmly OLED-ekran we MediaTek Helio G80 prosessor bilen enjamlaşdyrylandyr.

 

Türkmenıstanyň hökümet wekiliýeti Peterburg halkara ykdysady forumy 2021-e gatnaşdy

 

 

Ýene-de okaň

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy