JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri täjik parlamentiniň aşaky palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Duşenbede bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparyň jemleýji gününde Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namaýondagan Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy. Onda düýn geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijelerini nazara alyp, parlament ugurly türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň barşynda bu duşuşygyň parlamentara gatnaşyklar ýaly möhüm ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşmak üçin amatly mümkinçilik bolup durýandygy bellenildi. Şunda ýokary derejede emele gelen açyk, oňyn hem-de ynanyşykly syýasy gepleşikleriň döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň wajyp şerti bolup durýandygyna üns çekildi. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hereketleriň ösdürilmegi türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň gurallaryny güýçlendirmäge, oňa hil taýdan täze many-mazmun bermäge, netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

Duşuşykda iki ýurduň parlamentleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň halkara ugruna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ulgamlarda iki döwletiň oňyn başlangyçlaryny ilerletmek üçin türkmen we täjik parlamentarileriniň Parlamentara Birleşigiň, ÝHHG-niň we GDA-nyň Parlamentara Assambleýalarynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň meýdançalaryny netijeli peýdalanmaklarynyň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň çägindäki hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Bilelikdäki işiň şeýle görnüşleri türkmen we täjik deputatlarynyň tejribelerini baýlaşdyrmakda, kanun çykaryjylyk hem-de hukuk ulanyş iş tejribesini kämilleşdirmekde täzeçil başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär