Ak hyýar ýa-da Nadara hyýary – kädiler maşgalasyna degişli bolan birýyllyk ýa-da köpýyllyk ýabany ösümlikdir. Ylmy ady – Ecballium elaterium bolup, esasan Azor adasynda, Kiçi Aziýada, Russiýanyň Ýewropa böleginiň günortasynda, Kawkazda duşýar. Boýunyň uzynlygy 50-150 sm, dyrmaşyp ösýär. Baldagynda uzynlygy 5-10 sm bolan murtjagazlary bar. Ýapraklary etli, diametri 5-15 sm. Bir jynsly, birmeňzeş formaly bolan gülleri iýul-sentýabr aýlarynda açylýar. Miwesi çal-ýaşyl, şireli, ýumurtga şekilli süýri, uzynlygy 4-6 sm, ini 1,5-2 sm. Daşynda tiken şekilli ösüntgileri bolýar. Diametri 1 sm ululykdaky tohumlary goýy goňur, ýylmanakdyr. Tohumlary ýetişensoň, miwäniň içiniň basyşy 6 atmosfera basyşyna çenli ýokarlanýar. Şol wagt oňa sähelçe galtaşylsa, ol ýarylmak bilen bolýar. Netijede miwesi sapajygyndan aýrylyp, içindäki nemli tohumlary ýörite deşijekleriň üsti bilen batly zyňylyp giňişlige ýaýraýar. Bir sany miwe özünden 6 m çenli uzaklyga tohumlary zyňmaklyga ukyply bolýar. Hyýar şu usul bilen hem köpelýär. Müň tohumynyň agarmy hem 13-22 gr töweregidir. Miwesi awgust-sentýabr aýlarynda bişýär. Ösümligiň ýokarky ýerüsti bölegi we köki dermanlyk çig mal hökmünde ulanylýar. Onuň üçin gök massasy gülleýän döwri ýygnalyp, baldaklary böleklere bölünýär we güneşli howada guradylýar. Köki bolsa güýz aýlarynda ýygnalýar, ilki güneşde soňra guradyjylarda guradylýar. Düzüminde terpenoidleri, karotinoidleri, steroidleri, alkoloidleri, organiki kislotalary, azotly birleşmeleri, C witaminini, ýag kislotalaryny saklaýar. Miwesinde elaterin we elaterisin toplanýar. Ondan taýýarlanan serişdeler böwrek we bagyr kesellerinde, çiş kesellerinde hem-de zyýanly düwürtikleri aýyrmakda, şeýle-de antibakterial serişde hökmünde peýdalanylýar.
Oguljeren Hudaýnazarowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby