SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“G7” ýurtlary: “COVID-19”-a garşy sanjym reýtingi

Ýaponiýanyň täze koronawirusa (COVID-19) iki gezeklik sanjym etmekde “G7”, ýagny dünýäniň iň ösen ýedi ykdysadyýetiniň birleşýän ýurtlarynyň arasynda iň ýokary derejä ýetendigi habar berildi. 125 milliondan gowrak ilaty bolan Ýaponiýada hökümet “COVID-19” sanjym kampaniýasy barada maglumatlary täzeledi.

Şoňa görä-de, ilatyň 75,7 göterimine gabat gelýän 95,9 million adama şu wagta çenli iki doza möçberinde wirusa garşy sanjym edildi. “Kýodo” agentligi bu iki gezeklik sanjym derejesi bilen Ýaponiýanyň “G7” ýurtlarynyň arasynda 75,5 göterim bolan Kanadadan öňe geçendigini we birinji ýerde durandygyny habar berdi.

Oksford uniwersitetiniň “Maglumatlar dünýämiz” taslamasyna görä, sanjym kampaniýasynda Ýaponiýa we Kanadadan soň Italiýa 72,7% bilen 3-nji ýerde durýar.

Ýaponiýada 2021-nji ýylyň fewralyndan, sanjym kampaniýasy başlaly bäri tutuş ýurt boýunça berilýän dozalaryň sanynyň takmynan 195.3 milliona ýetendigi habar berildi.

 

Döredijilik hyzmatdaşlygy: Belarus we Özbegistan bilelikde film surata düşürer

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar