Argentinanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolan hem-de dünýä çempionatynyň iň ýaş futbolçysy baýragyna eýe bolan Enzo Fernandes Angliýanyň “Çelsi” toparyna geçdi. Bu futbolçy Angliýanyň taryhyndaky iň uly bahadan satyn alnan futbolçy boldy.
Portugaliýanyň “Benfika” toparynda çykyş edýän Enzo Fernandes üçin “Çelsi” topary 121 million ýewro töledi. Argentin futbolçy bilen 2031-nji ýylyň ahyryna çenli şertnama baglaşmak meýilleşdirilýär.
121 million ýewro (takmynan 105 million futn-sterling) – iňlis futbolyndaky iň uly transferdir. Mundan ozalky rekord Jek Grilişe degişlidi. Ony “Mançester Siti” topary 100 million funt-sterlinge alypdy.
Enzo Fernandes “Çelsi” toparynyň gyşky transfer möwsümindäki 8-nji satyn alan futbolçysydyr. Amerikaly maýadar Todd Bouliniň “Çelsi” toparyny satyn alandan bäri iňlis topary 16-njy futbolçysyny satyn aldy.

MÖHÜM TRANSFERLER…
- “Çelsi” toparynyň ýarymgoragçysy Žoržinýo Angliýanyň başga bir güýçli topary “Arsenal” toparyna geçdi. Italýan futbolçy üçin 13,7 million ýewro berildi. Ol 1,5 ýyl möhlet bilen şertnama baglaşdy.

- “Mançester Siti” toparynyň goragçysy Žoau Kanselo Germaniýanyň “Bawariýa” topary bilen ylalaşdy. 28 ýaşyndaky futbolçy häzirki wagtda kärendesine berildi. Ýöne tomusda nemes topary ony 70 million ýewro satyn almak mümkinçiligine eýedir.
- “Mançester Ýunaýted” topary bolsa Germaniýanyň “Bawariýa” toparyndan Marsel Zabitseri kärendesine aldy. 28 ýaşyndaky ýarymgoragçy şu möwsümiň ahyryna çenli kärendesine oýnar.
- Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň derwezeçisi Keýlor Nawas “Nottingem Forest” toparyna kärendesine berildi.
- Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyň futbolçysy Eden Azaryň dogany Torgan Azar Niderlandlaryň “PSW” toparyna geçip, bu ýerde kärendesine oýnar.
- Angliýanyň “Lids” toparyndaky ispan futbolçy Diego Lýorente Italiýanyň “Roma” toparynda kärendesine oýnar.
