SPORT

Futbol transferleri…

“Milanyñ” derwezewany Džandluiji Donnarumma tomusdaky transfer penjiresinde toparyny terk eder. Munuñ sebäbi topar bilen baglaşan şertnamasyny uzaldyp bilmedi diýip, “La Gazzette Dello Sport” saýty habar berýär. Donnarumma Milan toparyny tomusda terk etse, ony PSŽ topary düzümine goşup biler.

***

“Bawariýa” toparynyñ ýarymgoragçysy Koranten Tolisso, Milanyñ “Inter” toparyna geçip biler diýip “La Gazzette Dello Sport” saýty habar berýär. “Inter” topary 25 ýaşly fransuza “Bawariýa” toparyna 35 million ýewro harçlajakdygyny bildirdi. “Interiñ” tälimçisi Antonio Kante bu transferi amala aşyrmak isleýär, sebäbi “Çelsi’ toparynda işleýän wagtynda öz düzümine goşmak isläpdi.

***

Angliýanyñ “Arsenal” toparynyñ hüjümçisi Pýer Emerik Obameýang “Mançester Ýunaýted” toparyna geçip biler diýip, “The Sun” saýty habar berýär. “Mançester Ýunaýted” topary 30 ýaşly oýunçy üçin “Arsenal” toparyna 54 million ýewro hödürlär. Mundan daşary Obameýang bilen Ispaniýanyñ “Barselona” topary ýakyndan gyzyklanýar. Obameýang şu möwsümde 32 oýuna çykyp, 20 gezek gol geçirmegi başardy.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler