BEÝL FUTBOL BILEN HOŞLAŞDY
33 ýaşyndaky uelsli futbolçy Garet Beýl futbol durmuşyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Ol hem topar hem-de halkara derejesinde futbol bilen hoşlaşandygyny habar berdi.
Beýl 17 möwsüm ýokary derejede futbol oýnady. 9 ýaşynda futbol bilen tanyş bolan Beýl 2006-2007-nji ýylyň möwsüminde Angliýanyň “Sautgempton” toparynda futbol oýnamaga başlady.
2007-nji ýylda ol “Tottenhem” toparynda oýnap, bu ýerde oýnan 6 ýylyň dowamynda Angliýanyň ligasynyň kubogyny gazandy.
2013-nji ýylda bolsa, Beýl iň gymmat futbolçylaryň biri hökmünde “Real Madrid” toparyna geçdi. 2020-nji ýylda “Tottenhem” toparyna karendesine berildi. 2022-nji ýylda bolsa, “Realyň” düzüminden ABŞ-nyň “Los-Anjeles” toparyna geçdi.
Ol “Realda” oýnan döwründe 176 duşuşykda 81 gezek tapawutlandy. Beýl bu topar bilen 5 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.
Beýl Uelsiň milli ýygyndysyndaky karýerasyny hem Katardaky dünýä çempionatyndan soň tamamlapdy.
***
LORIS FRANSIÝANYŇ MILLI ÝYGYNDYSYNDAKY KARÝERASYNY TAMAMLADY
Angliýanyň “Tottenhem” toparynyň derwezeçisi Ugo Loris Fransiýanyň milli ýygyndysyndaky karýerasyny tamamlady. 36 ýaşyndaky derwezeçi ýygyndydaky ornuny beýleki tejribeli ýaş derwezeçilere berdi.
Ol Fransiýanyň ýygyndysynyň düzüminde 2008-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. 145 duşuşykda oýnap, şol duşuşyklaryň 121-sinden ýygyndynyň kapitany boldy. Loris Fransiýanyň milli ýygyndysynda iň köp duşuşyk geçiren türgenleriň biri boldy.
Loris 2018-nji ýylda Fransiýanyň ýygyndysy bilen dünýä çempiony boldy.
***
KLUBLARYŇ ARASYNDAKY DÜNÝÄ ÇEMPIONATY RUS TELEÝAÝLYMYNDA
Katarda geçirilen dünýä çempionatyny öz ýaýlymlarynda futbol janköýerleriniň tomaşa etmegine mümkinçilik döreden «Matç TW» rus teleýaýlymy şu ýylyň 1-11-nji fewralynda Marokkoda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň duşuşyklaryny hem ýaýlyma berer.
FIFA tarapyndan guralýan bu ýaryşa 6 futbol konfederasiýasyndan 7 topar gatnaşar. Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen “Libertadores” kubogynyň eýesi “Flamengo” topary ýarym finalda ýaryşa goşular.
Çärýek finalda Saud Arabystanynyň “Al-Hilal”, Marokkonyň “Widad”, ABŞ-nyň “Sietl Saunders”, Täze Zelandiýanyň “Oklend Siti” we Müsüriň “Al-Ahli” toparlary bäsleşerler.