Şu ýylyň tomsunda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşjak ähli toparlar belli boldy.
Pleý-off duşuşyklarynyň netijesinde 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmaga soňky hukuk gazananlar Ýamaýkany (1:0) ýeňen Kongo Demokratik Respublikasy we Boliwiýany (2:1) ýeňen Yrak boldy.
Şeýle hem 24 ýyldan soň ilkinji gezek Dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan Türkiýäniň milli ýygyndysy bilen Ýewropa sebitinden Bosniýa we Gersegowina, Şwesiýa we Çehiýa çempionata gatnaşmak hukugyna eýe bolan ýygyndylar boldy.
2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň toparlary
A topar: Meksika, Günorta Afrika Respublikasy, Günorta Koreýa, Çehiýa
B topar: Kanada, Şweýsariýa, Katar, Bosniýa we Gersegowina
C topar: Braziliýa, Marokko, Gaiti, Şotlandiýa
D topar: ABŞ, Paragwaý, Awstraliýa, Türkiýe
E topar: Germaniýa, Kýurasao, Kot-d’Iwuar, Ekwador
F topar: Niderlandlar, Ýaponiýa, Tunis, Şwesiýa
G topar: Belgiýa, Müsür, Eýran, Täze Zelandiýa
H topar: Ispaniýa, Kabo-Werde, Saud Arabystany, Urugwaý
I topar: Fransiýa, Senegal, Norwegiýa, Yrak
J topar: Argentina, Alžir, Awstriýa, Iordaniýa
K topar: Portugaliýa, Kolumbiýa, Özbegistan, Kongo Demokratik Respublikasy
L topar: Angliýa, Horwatiýa, Gana, Panama
ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek Dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli dowam eder. Bu ýaryşda ilkinji gezek 48 ýurduň milli ýygyndysy çykyş eder.
