SPORT

Futbol boýunça Aziýanyň kubogy Saud Arabystanyda geçiriler

Soňky ýyllarda sportuň futbol görnüşine has köp ähmiýet berýän, şeýle hem 2030-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny guramagy meýilleşdirýän Saud Arabystany 2027-nji ýylda futbol boýunça Aziýa kubogynyň ýaryşyny kabul eder.
Bu barada Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde geçirilen Aziýa futbol konfederasiýasynyň kongresinde resmi taýdan yglan edildi.
Aziýa yklymynyň iri futbol ýaryşy 4 ýylda bir gezek geçirilýär. Ol 1956-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. 2023-nji ýylda bu ýaryşy Katar döwleti kabul eder. Katar häzirki wagtda Aziýanyň kubogynyň soňky gazanan milli ýygyndysydyr. Saud Arabystany entek bu ýaryşy kabul edip görmändi.
2019-njy ýyldan bäri Aziýanyň kubogyna 24 milli ýygyndy gatnaşýar.
Soňky döwürde Saud Arabystanyda futbol çalt depginde ösdürilýär. Ýerli toparlar maliýe mümkinçiliklerinden peýdalanyp, güýçli futbolçylary düzümine goşup, dünýä metbugatynda giň orun alýarlar. Şolaryň biri hem “Al-Nasr” toparydyr. Bu topar Kristiano Ronaldony satyn alyp, uly gyzyklanma döredipdi.
Häzirki wagtda saud toparlary Ýewropanyň başga toparlaryndan futbol ýyldyzlaryny satyn almak bilen gyzyklanýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri