SPORT

Fransuz türgen 15 ýyllyk rekordy täzeledi

Sportuň suwda ýüzmek boýunça görnüşinde amerikaly Maýkl Felps mundan ozalky Olimpiýa oýunlarynda birnäçe rekordlary öz adyna ýazydyrypdy. Onuň sport karýerasyny tamamlamagy bilen suw sportlarynda, hususan-da, ýüzmekde fransuz türgen Leon Marşan öňdeligi eýeleýär.
Geçen ýyl Fukuoke şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda Maýkl Felpsiň rekordlarynyň birini täzelän Leon Marşan bu gezek Pariž Olimpiadasynda öz janköýerleriniň öňünde 400 metr toplumlaýyn suwda ýüzmek ýaryşynda 15 ýyllyk rekordy täzeledi.
Maýkl Felps 2008-nji ýylda Pekin Olimpiadasynda 4.03,84 derejesi bilen Olimpiýa rekordyny goýupdy. 21 ýaşyndaky Marşan bolsa, 4.02,50 derejesi bilen 15 ýyl mundan ozalky Olimpiýa rekordyny täzeledi.

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi