SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Fransiýaly syýahatçylar Türkmenistana gelip görmegi meýilleşdirýärler

Syýahatyna Fransiýadan başlan Jillum Riguçini we Çorli Billeý welosipedli amala aşyrýan syýahatynyň çäginde Türkmenistana hem baryp görmegi meýilleşdirýär ― diýip, «Anadolu Ajansı» habar berýär.

Olar düýn Türkiýäniň paýtagty Ankara şäheriniň Beýpazary etrapçasyna baryp ýetdiler.

Fransiýaly iki dost welosipedli syýahatyny Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça amala aşyrýar. Olaryň ýanynda bir sany güjüjek hem bar.

Eýýäm bir ýyl bäri gezelenç edip ýören fransuz syýahatçylar her gün 60 ― 80 kilometr çemesi ýol geçýärler. Olar Türkiýeden soňra Eýrana, ondan soň Türkmenistana geçmegi meýilleşdirýärler.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda-da welosiped sportuna uly üns berilýär. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy fewralda geçiren Hökümet mejlisinde bu barada ýene-de birnäçe täze tabşyryklary berdi. Bu babatda ýörite Maksatnamanyň hem kabul edilendigini «Atavatan-Türkmenistan» ilkinjileriň biri bolup habar berdi.

 

Ähli Söhbetdeşliklerimiz:

Begler Nurberdiýew: Diňe öňe Ynam bilen

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar