SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Fransiýa koronawirus çäklendirmelerini ýatyrdy

Fransiýanyň hökümetiniň çözgüdi bilen 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan halkara syýahatçylar üçin göz öňünde tutulan “COVID-19” pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeler ýatyryldy.

Fransiýanyň Içeri işler ministrliginiň habar bermegine görä, 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan ýurda gelýän daşary ýurtly raýatlaryndan talap edilýän doly sanjym edilendigi baradaky kepilnama ýa-da “COVID-19” barlagynyň negatiw netijenamasy ýaly resminamalar mundan beýläk talap edilmeýär.

Bu düzgünnama 1-nji awgustda güýje girdi we onuň Fransiýada dynç alyş döwrüniň iň gyzgalaňly döwründe serhetdäki geçiriş-goýberiş nokatlarynda işleriň çaltlanmagyna mümkinçilik berjekdigi mälim edildi.

– Pandemiýa döwründe Fransiýanyň çäginde koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen serhet-sanitar gözegçilik nokatlarynda her hepde 6 müňden gowrak adam zähmet çekdi. Bu adamlar serhet gullukçylaryna lukmançylyk barlaglaryny geçirmäge, syýahatçylaryň lukmançylyk resminamalaryny barlamaga ýardam etdi – diýip, Fransiýanyň hökümetiniň beýanatynda bellenilip geçilýär.

Mundan beýläk, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşiň çäklerinde adatdan daşary ýagdaý ýatyryldy. Mundan ozal, 12 ýaşdan uly raýatlar Fransiýa girmek islänlerinde, koronawirus test barlagyndan geçmegi zerur bolup durýardy.

Ýöne, Fransiýanyň hökümeti koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleriniň ýaýramagyny nazarda tutup, Ýokary saglygy goraýyş müdirligi bilen geňeşmeler geçirmek şerti bilen 2023-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli öňüni alyş çäklendirmelerini girizmek mümkinçiligini saklap galýar.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär