DÜNÝÄ

Fransiýa çagalar üçin jemgyýetçilik torlaryny gadagan etjek ikinji ýurt bolar

Fransiýanyň parlamentiniň aşaky palatasy 15 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial ulgamlara girişi gadagan etmegi göz öňünde tutýan kanun taslamasyny sesleriň köplügi bilen kabul etdi. Şeýle-de, kanun taslamasy mekdepleriň çäginde ýetginjekleriň ykjam telefonlaryny ulanmagyny gadagan edýär.

Kanun taslamasy çagalaryň sosial ulgamlaryň onlaýn hyzmatlaryna girişini gadagan etmegi göz öňünde tutýar. Käbir bilim platformalary muňa girmeýär.

Bu çäre ýetginjekleriň saglygyny goramaga gönükdirilendir we hökümet hem-de Prezident Emmanuel Makron tarapyndan işjeň goldaw tapdy. Kanun taslamasyna parlamentiň ýokarky palatasy sereder, bu bolsa sanly tehnologiýalar ministri Ann Le Enaffyň aýtmagyna görä, ýakyn hepdelerde bolar.

Makronyň haýyşy boýunça hökümet kanun taslamasyny tizleşdirilen tertipde seretmegi ýola goýdy.

“France 24”-niň habar bermegine görä, hökümet çalt hereket etmegi meýilleşdirýär: 2026-njy okuw ýylynyň başyndan täze hasaplaryň döredilmegini gadagan etmek we 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ähli ulanyjylar (bar bolan hasaplar hem goşulyp) üçin ýaş barlagyny netijeli ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Eger kanun ahyrky görnüşde kabul edilse, Fransiýa Awstraliýadan soň, kämillik ýaşyna ýetmedikler babatda şeýle çäklendiriji çäreleri kabul eden ikinji ýurt bolar. Awstraliýa dekabr aýynyň başynda 16 ýaşdan kiçi şahslar üçin sosial ulgamlary gadagan edipdi.

Ýene-de okaň

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

TOPH taslamasy Hyratda: turbageçiriji üçin 91 kilometr taýýar edildi

2026-njy ýylda Gazagystana haýsy dünýä ýyldyzlary geler

Döwlet migrasiýa gullugynyň Tejen etrap bölüminiň täze edara binasy açyldy