JEMGYÝET

“Fox” teleýaýlymy: Donald Tramp saýlawlarda ýeňiş gazandy

ABŞ-da 60-njy gezek Prezident saýlawlary geçirildi. Şonuň netijesinde, ABŞ-nyň ozalky Prezidenti, Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Donald Tramp saýlawlarda ýeňiş gazanyp, ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti boldy. Bu barada ABŞ-nyň “Fox” teleýaýlymy habar berdi.

ABŞ-da 60-njy gezek ählumumy saýlawlar geçirildi. Amerikalylar Prezidentden we wise-prezidentden başga-da 33 senatory, wekiller palatasynyň 435 agzasyny, 11 ştatyň we iki sebitiň gubernatorlaryny, şeýle hem ýerli häkimiýetleriň dolandyryş edaralaryny saýladylar.

Prezident saýlanmak üçin 270 delegatyň sesi gerek. Amerikada saýlawlarda ýurt boýunça iň köp sesleri almak ýeterli bolman eýsem, her ştatda hem sesleri gazanmak gerek. Şol sebäpli ilat sany ştatlardan gelýän netijeler savlawlaryň ykbalyna täsir edip bilýär.

Soňky maglumatlara görä, Tramp delegatlaryň 267-siniň sesini aldy, Kamala Harris bolsa 224-siniň sesini aldy.

Bu gezekki saýlawlara işjeň gatnaşan amerikaly saýlawçylaryň 78 million wagtyndan öň ses berdiler.

Tramp 2017-2021 ýyllar aralygynda Amerikanyň 45-nji Prezidenti boldy. 2020-nji ýylda geçen saýlawlarda ol häzirki Prezident Jozef Baýdenden asgyn geldi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär