MEDENIÝET

“Forsaž” filminiň 10-njysy çykar

Dünýäniň ähli ýerindäki kino muşdaklaryny özüne bendi eden “Forsaž” filminiň 10-njysy surata düşüriler. Häzirki wagtda bu filmiň 9-njysy dünýäniň köp ýurdunda görkezilýär we iň köp tomaşa edilýän filmleriň hatarynda öňdeligi eýeleýär.

“Universal” kinokompaniýasy “Forsaž” filminiň iň soňkynyň öň ýanyndaky, ýagny 10-njysynyň prokata çykýan takyk senesini mälim etdi. Kino muşdaklary bu filmiň täze bölümini 2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde görüp bilerler.

Filmiň bu bölegini hem ýene-de Jastin Lin surata düşürer, filmiň ssenariýasyna Kris Morgan jogap berer. Jastin Lin “Forsaž” filiminiň 4-nji, 5-nji, 6-njy hem-de 9-njy bölümlerini surata düşürdi.

Ilkibaşda filmiň 10-njysyny 2021-nji ýylda prokata çykarmak göz öňünde tutulypdy. Ýöne kinokompaniýanyň meýilnamalary üýtgäp, bu senede 9-njysy görkezilip başlandy.

Filmiň nobatdaky böleginde ýene-de ozalky aktýordyr aktrissalary görmek bolar. Ýöne Dueýn Jonsonyň mundan soňky bölümlerde bolmajakdygy mälim edildi.

Sanjymyň 3-nji dozasyny almak maslahat berilýär

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri