SPORT

Formula 1 sportunda täsin waka

“Formula 1” sportunyň direktory Ross Braun sürüjileriň baýrak gowşurylyş dabarasyny nähili geçiriljekdigini aýtdy. Münberde däp bolşy ýaly baýraklary gowşurmagyň entek mümkin däldigini Braun belledi.

Ross Braun:

“Şuňa meňzeş bir zady gurnamagyň mümkinçiligini göz öňünde tutýarys. Bir görnüşimiz, awtoulaglary ýolda saklap we sürüjiler olaryň öňünde durarlar. Baýrak gowşuryp bilmeris, sebäbi göni aragatnaşyga rugsat berilmeýär, ýöne üstünde işleýäris we meýilleşdirýäris “diýip, Formula 1 sportunyň resmi web sahypasy, Braunyň sözlerine salgylanýar. 2020-nji ýylyň möwsüminiň ilkinji ýaryşynyň Gran Prisi, Awstriýanyň “Red Bull Ring” awtoýaryş meýdançasynda 5-nji iýulda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi