MEDENIÝET

“Formula-1” filminiň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň meşhur Taýms meýdanynda “Formula-1” filminiň dünýä boýunça tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Bu film 25-nji iýunda kinoteatrlarda görkezilip başlanar, soňlugy bilen “Apple TV+” platformasynda elýeterli bolar.

Bu filmde baş gahrymanyň keşbini 61 ýaşyndaky meşhur aktýor Bred Pitt janlandyrýar. Tanyşdyyrlyş dabarasyna filmde oýnan aktýordyr aktrisalar bilen bir hatarda “Ferrari” toparynyň britan türgeni, sekiz gezek dünýä çempiony Lýuis Hemilton hem-de “Apple” kompaniýanyň baş direktory Tim Kuk hem gatnaşdy.

“Deadline” neşiriniň habaryna görä, bu filmiň býujeti 300 million dollara barabar boldy. Filmde surata düşen Bred Pitt bolsa, karýerasyndaky iň uly aýlyk hakyny 30 million dollar gazandy.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi