SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

2025-nji ýylda abraýly “Forbes” neşiri Ortahisar obasyny “Dünýäniň iň owadan 50 sany obasy” atly sanawa goşdy. Bu çözgüt tebigy we medeni mirasa baý bolan taryhy oturymly ýeriň adaty bolmadyk gözelligini ýene-de bir gezek tassyklady.

Ortahisar Ürgüp şäherinden bary-ýogy alty kilometr uzaklykda ýerleşýär. Ol gaýalarda ýonulyp gurlan öýleri, asmanda gaýyp barýan howa şarlary şeýle-de sebitiň belli nyşanyna öwrülen Ortahisar orta asyr galasy bilen tanalýar.

“Forbes” neşiri Ortahisary “bazalt asmanyň aşagynda ýatdan çykarylan bitewi daş harşaňy” hökmünde suratlandyrýar. Millionlarça ýyl mundan ozal Erjiýes, Hasandag we Güllüdag wulkanlarynyň atylmagy netijesinde emele gelen ýumşak wulkan gatlaklary wagtyň geçmegi bilen ýel we ýagyn zerarly ýonulyp, Kapadokiýanyň haýran galdyryjy “perileriň ojagyna” öwrüldi.

Obaň iň beýik nokadynda ýerleşýän Ortahisar galasy, çaklamalara görä, heniz Hett döwründe bina edilipdir. Gowaklary we ýerasty ýollary bolan bu gala adamzadyň taryhyndaky ilkinji köp gatly ýaşaýyş ýerleriniň biri hasaplanýar we häzirki wagtda sebite beýiklikden göz aýlamak üçin esasy meýdança bolup hyzmat edýär. Bu ýeriň ruhy mirasy bilen golaýda ýerleşýän Saryja, Kambazly we Tawşanly ybadathanalarynda tanşyp bolýar.

Kapadokiýanyň özüne çekijiligi diňe tebigy täsinlikler bilen çäklenmänýär. Geçen ýyl bu sebitiň muzeýlerine we taryhy desgalaryna 4,3 milliondan gowrak syýahatçy baryp gördi. Bu ýerde jahankeşdeleri haýran galdyrjak ýerasty şäherler, gowagyň içinde oýulyp gurlan myhmanhanalar, şeýle-de Mişleniň ýolgörkeziji kartasyna girizilen lezzetli tagamlar (toýundan ýasalan golçajyklarda bişirilen etli naharlar we ýerli şeraplar) garaşýar.

Kapadokiýa syýahat – bu taryhyň, medeniýetiň we ruhyñy galkyndyrýan duýgularyň bitewileşýän hakyky ertekiler ýurduna gezelençdir.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi