Azerbaýjanyň Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary öz şäherlerinde metjit gurmak başlangyjyny öňe sürüp, onuň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşandygy üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk hatyny ýolladylar.
Azerbaýjanyň «Azertag» resmi habarlar agentliginiň habar bermegine görä, hatda, hususan-da, şeýle diýilýär:
«Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Azerbaýjan we türkmen halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda ösen çuňňur taryhy, medeni, dil we dini ýörelgeler iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ygtybarly binýadyna öwrüldi. Bu berk binýadyň üstünde gurlan dostluk we doganlyk gatnaşyklarymyz Siziň Alyhezretiňiziň ynsanperwer başlangyçlary netijesinde has-da täze derejelere göterildi.
Siziň Alyhezretiňiziň hormatly adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň rehimdarlyk, mähirlilik we ynsanperwerlik ýaly iň ýokary ahlak gymmatlyklaryny saklap galmak bilen, dostlukly hem-de doganlyk halklarymyzyň arasyndaky ruhy köpri wezipesini üstünlikli ýerine ýetirýändigini buýsanç bilen bellemek gerek.
Gaznanyň asylly işleriniň iň aýdyň mysallarynyň biri Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurmak baradaky başlangyçdyr. Biz bu başlangyjy uly kanagatlanma we çuňňur hoşallyk duýgusy bilen kabul etdik. Siziň bu ynsanperwer ädimiňiz Garabagyň ösüşine gymmatly goşant, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, dini hem-de ruhy raýdaşlygyň, ynsanperwer ýörelgeleriň we özara ynamyň aýdyň beýanydyr.
7-nji oktýabrda Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde geçirilen Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüniň tutulyş dabarasy taryhy ähmiýete eýe boldy. Bu başlangyç türki dünýäniň umumy gymmatlyklaryna, yslam medeniýetine we gadymy topragymyza goýulýan ýokary sarpanyň, belent adamkärçiligiň nusgasydyr.
Siziň Türki Döwletleriň Guramasynyň, şeýle hem Guramanyň Ýaşulular geňeşiniň mejlislerinde öňdengörüjilikli we paýhasly teklipleriňiz türki dünýäniň bitewüligi, jebisligi we ösüşi üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Siziň başlangyçlaryňyza türki dünýäde ýokary baha berilýändigini hem bellemek isleýäris.
Siziň Alyhezretiňiziň 2025-nji ýylyň iýul aýynda Azerbaýjana saparyňyz, şol sanda Şuşadaky Göwhar Aga metjidine baryp görmegiňiz we türkmen halkynyň adyndan şehitlerimizi hatyralap eden doga-dilegleriňiz halkymyz tarapyndan doganlygyň, ruhy gymmatlyklara wepalylygyň we taryhy mirasa hormat goýmagyň aýdyň mysaly hökmünde uly hormat bilen kabul edildi.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň yzygiderli üns-aladaňyz we ruhy goldawyňyz Fizuliniň ýaşaýjylary tarapyndan ýokary kanagatlanma bilen kabul edildi. Munuň özi bizde her pursatda çuňňur hoşallyk duýgusyny döredýär. Şeýle sahawatly iş sebitimiziň ruhy durmuşyna täze güýç, ynam we umyt getirýär. Bu asylly başlangyjyňyz minnetdar azerbaýjan halkynyň ýadynda doganlygymyzyň we jebisligimiziň nusgasy hökmünde ebedi galar.
Biz, Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary Siziň Alyhezretiňiziň gatnaşmagynda we ak pata bermegiňizde Fizuli şäherinde gurluşygyna girişilen metjidiň açylyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Täze metjit azerbaýjan-türkmen dost-doganlygynyň ruhy nyşanyna öwrüler.
Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormat goýmak bilen,
Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary».
